Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny gazandy

«Arkadag» futbol topary 2026-njy ýylyň ilkinji baýragyny, ýagny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny gazandy. Wladimir Baýramowyň topary bu üstünlige jemleýji oýunda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny 2:0 hasabynda ýeňmek bilen ýetdi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Oýun köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda boldy.

Oýnuň hasabyny geçen möwsümde Gyrgyzystanyň Karabalta şäheriniň «Gyrgyzaltyn» toparynda çykyş eden 25 ýaşly täze oýunçy Meýlis Diniýew eýýäm üçünji minutda açdy. Türkmenistanyň häzirki üç gezek çempionynyň bu ýeňşini 61-nji minutda soňky dört milli birinjilik ýaryşynda iň köp gol salan oýunçy Didar Durdyýew berkitdi.

«Arkadag» futbol topary yzygider ikinji ýyl Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny gazanýar. Geçen ýyl ol alty sany ýokary liga klubunyň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirilen bir tapgyrly ýaryşda ýeňiş gazanmak bilen, ähmiýeti boýunça dördünji ýerde duran bu milli baýragy ilkinji gezek gazandy.

Türkmenistan Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl kubogynda üçünji orun ugrundaky duşuşykda «Aşgabat» toparyny 2:0 hasabynda ýeňen «Ahal» topary bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmenistan Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl kubogy ugrunda birinji tapgyrda ikä bölünen sekiz topar bäsleşdi. Ýarym finala çykmak mümkinçiligi ugrunda «A» toparda «Köpetdag», «Ahal», «Şagadam» we «Nebitçi» klublary, «B» toparda bolsa «Arkadag», «Aşgabat», «Merw» we Türkmenistanyň 20 ýaşa ýetmedik ýaşlar ýygyndy topary bäsleşdi.

Finala çykmak ugrundaky ýaryşda «Arkadag» topary «Ahal» toparyny 2:1, «Şagadam» bolsa «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda utdy.

Ýaryşda bäşinji orny paýtagtyň «Köpetdag» topary bilen 2:2 hasabynda oýnap, jerime urgulary boýunça 5:3 hasabynda ýeňen Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýygyndy topary eýeledi.

Ýedinji orun ugrundaky duşuşykda Balkanabadyň «Nebitçi» topary Marynyň «Merw» toparyny 3:1 hasabynda utdy.