Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär. Bu barada TDH habar berýär.

Milli Liderimiz häzirki döwürde halkara giňişlikde üstünlikli çykyş edýän “Arkadag” futbol toparynyň öňde boljak jogapkärli ýaryşynyň geçiriljek ýeri bolan 45 müň orunlyk, Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri stadionyň meýdançasy, onuň tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlary we beýleki mümkinçilikleri bilen içgin tanşyp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmeginiň möhüm wezipedigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu babatda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli bolan bäsleşigiň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy futbol ýaryşynyň guramaçylykly geçirilmeginiň, futbol janköýerleri we tomaşaçylar üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra degişli ähli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Futbol ýaryşynyň dünýäde giňden beýan edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Bu ýerde ýaryşa tomaşa etjekler üçin bolşy ýaly, türgenler we tälimçiler üçin hem zerur şertler döredilmelidir. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekip, hormatly Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow stadionyň futbol meýdançasynyň taýýarlyk derejesiniň ýokary halkara görkezijilere, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigi hem-de stadionda halkara ýaryşlary, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygy barada giňişleýin maglumat berdi.

Stadionyň futbol meýdançasy oýundan beýleki wagtlarda ýörite polietilen bilen örtülýär. Munuň özi meýdançanyň hemişe talabalaýyk derejede saklanmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz sport ulgamyna degişli ähli desgalaryň, şol sanda Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň, Olimpiýa stadionynyň meýdançasynyň ykrar edilen talaplara laýyk derejede saklanmagy bilen bagly meseleleriň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz başlanmagyna 10 gün galan halkara futbol duşuşygynyň ýokary derejede dabaralandyrylmagy, onuň mahabat işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemekleri ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda halkara giňişlikde uly üstünliklere eýe bolýan “Arkadag” toparynyň ýeňiş gazanmagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny, deňme-deň oýnan pursatlarynda bolsa, il içinde aýdylyşy ýaly, “kör abraýdygyny” belledi. Eger futbolçylarymyzyň utulan ýagdaýynda hem bu bäsleşigiň biziň halkymyz üçin toý-baýrama öwrüljekdigini, türgenlerimiziň bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtyljakdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz olaryň yhlasyny gaýgyrman, arassa hem owadan oýun görkezjekdiklerine ynam bildirdi.