Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň täze ýolbaşçysy saýlanyldy

Kataryň Olimpiýa komitetiniň prezidenti şeýh Joan bin Hamad Al-Tani Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) başlygy wezipesine saýlanyldy. «Saýlawlar guramanyň Daşkent şäherinde geçirilen 46-njy Baş assambleýasynda geçirildi» diýip, «Turkmenportal»-yň habarçysy habar berýär.

«Aziýa Olimpiýa maşgalasynda iň uly we köptaraply yklymdyr. Ol biziň iň uly güýjümizdir. Emma ol birek-birege hormat goýmagy we Olimpiýa gymmatlyklaryna umumy ygrarlylygymyz esasynda agzybir bolmagymyzy talap edýär», — diýip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň täze saýlanan ýolbaşçysy aýdýar.

Ol agzybirligiň netijesinde köptaraplylygy mümkinçiliklere öwürmegiň, milli Olimpiýa komitetleriniň ygtyýarlyklaryny giňeltmegiň hem-de ýaşlara dünýä sport meýdançasynda üstünlik gazanmak üçin mümkinçilik döretmegiň mümkindigini belledi.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti wezipesinde şeýh Joan bin Hamad Al-Tani saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden möhletinden ozal giden Hindistanyň wekili Randhir Singhiň ornuny eýeledi.