Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigi geçirilýär. Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Begmuhammet Esenow “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşiginiň etrap tapgyryna gatnaşyp 3 orna mynasyp bolmagy başardy.
Okuwçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, geljekde döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine güwä geçýär.
Güljahan AMANOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň taryh mugallymy