Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşa gatnaşyjylar Garagum sährasynyň gözel künjegi – Gökdepe hem-de Bäherden etraplarynyň çägi boýunça 206 kilometrlik menzili külterlediler. Oňa 12 ekipaž gatnaşdy.
Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasynda T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowyň ekipažy pellehanadan birinji bolup geçdi.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekili Merdan Toýlyýewiň topary 2-nji, Içeri işler ministrliginiň türgeni Süleýman Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ekipaž 3-nji orunlary eýelediler.
«Türkmen sporty» gazeti