Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty

2025-nji ýylyň 9-19-njy oktýabry aralygynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär. Basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» kluby birinji orny eýeläp, Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Degişlilikde ýaryşyň ikinji ornuny «Aşgabat» sport kluby, üçünji orny bolsa «Milli goşun» sport kluby eýelediler.

Sportuň görnüşleri boýunça geçirilýän Türkmenistanyň çempionatlary halkara bäsleşiklerine gatnaşjak we ýokary derejeli toparlar üçin möhüm taýýarlyk tapgyry bolup durýar. Toparlar we tälimçiler ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlarda dünýä derejesinde üstünlikli çykyş etmek üçin tejribe toplaýarlar.

 Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.