Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy CAFA-2025 Milletler kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary 29-njy awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda Täjigistanda we Özbegistanda geçiriljek CAFA-2025 Milletler kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) taryhyndaky ikinji gezek geçiriljek bu ýaryşda jemi 8 ýygyndy toparlarynyň – Owganystanyñ, Eýranyñ, Gyrgyzystanyñ, Täjigistanyñ, Türkmenistanyñ, Özbegistanyñ şeýle hem CAFA agza bolan Hindistanyň we Omanyň milli ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriler.

Ýaryşyň ilkinji tapgyrynda toparlar iki toparça bölünerler. Geçirilen bije çekişligiň netijelerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary «A» toparçasynda çykyş eder. Biziň milli ýygyndy toparymyzyň garşydaşlary – Özbegistan, Gyrgyzystan we Omanyň ýygyndy toparlary bolar. Türkmenistanyň ähli duşuşyklary Daşkent şäherindäki «Jar» we Olimpiýa stadionlarynda geçiriler.

Duşanbe şäherinden 12 kilometr günbatarda ýerleşýän «Hisar» merkezi stadionynda geçiriljek «B» toparçada Owganystanyň, Hindistanyň, Eýranyň we Täjigistanyň milli ýygyndy toparlary duşuşarlar.

CAFA Milletler kubogy ugrundaky ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda toparçadaky duşuşyklar bir tapgyrda oýnalar. Toparyň ýeňijileri soň finalda duşuşarlar we ikinji ýeri eýelän toparlar üçünji ýer ugrunda bäsleşer.

Erkekleriň arasynda CAFA Milletler kubogy ugrundaky ýaryşy iki ýylda bir gezek geçirilýär. Häzirki CAFA çempiony Daşkent şäherinde geçirilen final duşuşygynda Özbegistanyň toparyny 1:0 hasabynda ýeňen Eýranyň milli ýygyndysydyr.