Soňky habarlar

Aşgabatda geçirilen göreş we alyş boýunça ýaryşda türkmen pälwanlary 28 medal gazandylar

Aşgabatda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysy  jemi 28 medal gazandy. Türkmen  pälwanlary 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç medal eýelediler.

Ýaryşyň birinji gününde türkmenistanly pälwanlar milli göreş boýunça bäsleşiklerde 14 medal gazandylar, soňra bolsa soňky ýyllarda halkara derejesinde giňden tanalýan guşakdan tutup göreşilýän alyş göreşi boýunça ýene 14 medal eýelediler.

2002-nji ýylda döredilen we merkezi edarasy Bişkek şäherinde ýerleşýän Alyş boýunça Bütindünýä federasiýasyna (WAF) dürli yklymlardan 36 milli federasiýa girýär.

Ýewropanyň we Aziýanyň 13 ýurdunyň wekillerini öz içine alan bu ýaryş 2024-nji ýylyň maý aýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen Türkmenistanyň paýtagtyna berlen «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýen derejä bagyşlanyp guralan çäreleriň çäginde geçirildi.