Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň guramagynda 2010 – 2014-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda hokkeý boýunça mekdebiň açyk birinjiligi geçirildi. 19-njy noýabr – 5-nji dekabr aralygynda dowam eden ýaryş Türkmenistanda hokkeýi ösdürmek we wagyz etmek, ýaş türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak, ussat oýunçylary kesgitlemek maksady bilen guraldy.
Ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaşajyk hokkeýçiler buzuň üstünde ynamly hereket edip, ussatlyklaryny görkezse, tejribeli tälimçiler şägirtleriniň oýunlaryna baha bermäge mümkinçilik aldylar. Şeýlelikde, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan» topary ýaryşda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orny eýeledi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» topary 2-nji, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Bürgüt» topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýaryşyň ýeňijilerine guramaçylar tarapynda Hormat hatlarydyr sowgatlar gowşuryldy.
«Türkmen sporty» gazeti