Soňky habarlar

Katarda gazanylan üstünlik

Dohada (Katar) geçirilen 14 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda geçirilen 3-nji Aziýanyň ýetginjekler ýaryşynda türkmen tennisçileri hormat münberiniň ähli basgançagyny eýelediler. Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirilen ýaryşa 20-den gowrak döwletden, şol sanda Ýewropa, Günorta Amerika ýurtlarynyň birnäçesinden we ABŞ-dan türgenler gatnaşdylar.

Iň ýiti bäsleşik ýekelikde oglanlaryň arasynda bolup, onda türgenlerimiziň ikisi saýlama ýaryşdan geçmeli boldular. Majed Albluşini (Birleşen Arap Emirlikleri) – 6:0, 6:0 we Roland Guony (ABŞ) – 6:0, 6:1 hasabynda utup, saýlama tapgyrdan geçen 12 ýaşly türkmen tennisçisi Aly Geldiýew esasy tapgyra düşdi we onda ýene bäş gezek ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Finalda bolsa Aly Geldiýew Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Hudaýberdiýewden (tälimçisi Gurbanberdi Gurbanberdiýew) üstün çykdy. Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň okuwçysy, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda «Aşgabat» tennis akademiýasynda tälim alýan Emirhan Rustamow baýrakly üçünji orny eýeledi.

Aly Geldiýew 7 ýaşynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmenabadyň 9-njy sport mekdebiniň tälimçisi Babamyrat Mamatrasulowyň elinde tennis oýnap başlady. Häzirki wagtda geljegi uly türgen Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda «Aşgabat» tennis akademiýasynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Katarda geçirilen ýaryşda ýekelikdäki baş baýrakdan başga-da, Aly Geldiýew Ýunus Annamyradow bilen bir jübütde ýeňiş gazandy. Olar bu üstünlige çenli dört gezek ýeňiş gazandylar. Mary şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Ýunus Annamyradow daşary ýurtlarda geçirilen ýaryşda ilkinji gezek jübütde oýnap, ýeňiş gazandy. Ol tälimçi Andreý Dowmatowyň ýolbaşçylygynda tennis bilen meşgullanýar. 

Gyzlaryň arasynda hem ýekelikde oýnamakda tutuş münberi türkmen tennis mekdebiniň wekilleri eýelediler. 1-nji orna Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Ilima Guseýnowa mynasyp boldy. 2-nji orny Mary şäherindäki 18-nji orta mekdebiň okuwçysy, Andreý Dowmatowdan tälim alýan Aýnur Annamyradowa, 3-nji orny Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky 43-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçysy, Jennet Hallyýewadan tälim alýan Aýlar Kakabaýewa eýeledi. 

Gyzlaryň jübütdäki duşuşygynda birinji belgili Ilima Guseýnowa we Aýlar Kakabaýewa ýeňiş gazandylar. Olar ýarym finalda Dana Halifany (Katar) we Ona Kildisaýteni (Litwa), finalda bolsa ikinji belgili ildeşleri Aýnur Annamyradowany we Sülgün Işangulyýewany – 6:2, 6:2 hasabynda ýeňdiler. 

«Türkmen sporty» gazeti