Soňky habarlar

Aşgabatda saglygy goraýşa, bilime hem sporta bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. 9-njy oktýabrda öz işine başlan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de onuň çäklerindäki ylmy maslahat hem bu ajaýyp hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Şu gezekki forumyň paýtagtymyzyň türkmen türgenleriniň ýeňişleri bilen şanlandyrylan Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň türgenleşik meýdançasynda ýaýbaňlandyrylmagy özboluşly many-mazmuna eýedir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen serginiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar hem-de hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda nygtalyşy ýaly, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman tejribeleri işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlary kemala getirildi. Şeýle-de, Gutlagda jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklarywe döwletleri jebisleşdirýän uly güýç bolan bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenilýär. «Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde dünýädäki at-abraýyny pugtalandyrarys. Biz geljekde-de parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty Ýer ýüzünde has-da dabaralandyrarys» diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar.

Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşdylar. Ýöriteleşdirilen forumda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sergi pawilýonynda ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, ildeşlerimizi bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler, türkmenistanly türgenleriň halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişleri şöhlelendirildi.

 

«Türkmen sporty» gazeti