Soňky habarlar

Türgenlerimiziň üstünligi

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde adaty karate boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň 4-nji sebitleýin çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa sport mekdebimizden tälimçilerdir türgenleriň 10-sy gatnaşdy. Türgenlerimiz çempionatda şowly çykyş edip, baýrakly orunlaryň 6-syna mynasyp boldular.

Şahsy kata görnüşinden Yhlas Annagurbanow, Damir Allaberdiýew we Çerkez Myratdurdyýew (toparlaýyn) 1-nji orunlara mynasyp boldular. Nurgeldi Annagurbanow we Meýlis Çaryýew 2-nji, Döwlet Berdiýew 3-nji orunlary eýelediler. En-bu görnüşinden Nurgeldi Annagurbanow (toparlaýyn) 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Kihon tutluşyk görnüşinden Damir Allaberdiýew, Nurgeldi Annanepesow 2-nji orunlary eýelediler. Şahsy tutluşyk görnüşinden Selim Myratberdiýew 3-nji orna mynasyp bolup, türgenlerimiziň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlan sowgatlarynyň üstüni ýetirdi.

Ýaryşda tapawutlanan türgenlere Hormat hatlary we medallar gowşuryldy.

«Türkmen sporty» gazeti