Soňky habarlar

Türkmen pälwany Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň çempiony boldy

Gazagystanyň Astana şäherinde dowam edýän Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda türkmenistanly türgenler şowly çykyş edýärler. 10-njy sentýabrda türkmen türgenleri 3 medal gazanan bolsalar, 11-nji sentýabrda ildeşlerimiziň ýene 2-si hormat münberine çykdy. Olaryň biri Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň çempiony boldy.

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medal gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Pälwan Gurbangeldiýew alyş göreşi boýunça 100 kilogram agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

 Türgenler sportuň 21 görnüşi boýunça medallaryň 97 toplumy ugrunda göreş alyp bararlar. Ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelänlere gowşurmak üçin taýýarlanylan medallaryň jemi möçberi 581-e deňdir.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» elektron goşundysy.