Soňky habarlar

Türkmen türgenleri V Bütindünýä Çarwadarlar oýunlaryna gatnaşarlar

2024-nji ýylyň 8-13-nji sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde V Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary geçiriler. Bu däbe öwrülen halkara ýaryşyna Türkmenistandan 29 türgen, 6 tälimçi gatnaşýar.

Astanada dowam etjek sport çäreleri «Uly sährada duşuşyk» şygary astynda guralyp, oňa 100 töweregi ýurtdan 4 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

V Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň dowamynda sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşiler. Oýunlaryň açylyş dabarasy «Astana Arena» stadionynda, ýapylyş dabarasy bolsa «Kazanat» aýlawynda guralar.

Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary 2014-nji, 2016-njy we 2018-nji ýyllarda Gyrgyzystanda, 2022-nji ýylda Türkiýede geçirilipdi.