«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hepdelik elektron goşundysynyň («7/24.tm») täze sany okyjylara gowuşdy. Elektron goşundyda däp bolşy ýaly, günüň möhüm wakalary, sport we ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri we beýleki dabaralar öz beýanyny tapdy.
Häzirki döwrüň möhüm meselesi bolan saglyk bilen baglanyşykly çykyşlarda sagdyn bedenli nesli kemala getirmek babata alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berilýär. «Bedenterbiýe we sport» bölüminde her bir welaýatda sporty we bedenterbiýäni wagyz etmekde durmuşa geçirilýän işler şöhlelendirilýär.
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hepdelik elektron goşundysynyň 3 dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanylýandygy onuň dürli dillerde okaýan okyjylar üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
Elektron neşirde okyjylary gyzyklandyrjak habarlaryň başga-da ençemesine orun berlipdir.
Şu ýerden doly görnüşini göçürip alyp bilersiňiz