25-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Tejen-Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Olimpiýa şäherjiginiň «Welotrek» sport toplumynda 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda «Siz bilen sportda gadamlar batly, Ak geljege ýörelgämiz Arkadag» atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli giňden hem-de dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görülmegini, şeýle hem bu baýram mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda bedenterbiýe-sport çärelerini talabalaýyk geçirilmegini wise-premýere tabşyrdy.
Ekologik taýdan arassa sport görnüşi hökmünde welosiped sportunyň tutuş dünýäde, aýratyn-da, Türkmenistanda meşhurlygynyň barha artýandygyny, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi.
Belläp geçsek, Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda döredildi.
«Türkmen sporty» gazeti