Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 9 — 17-nji maý aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň (CAVA) Milletler ligasyna gatnaşdy. Türkmen woleýbolçylary alty döwletiň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda kümüş medala mynasyp boldular.
Halkara ýaryşda ildeşlerimiz ilkinji duşuşygyny Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirdiler. Duşuşyk 3:2 hasabynda eýranly woleýbolçylaryň peýdasyna tamamlandy. Ýöne ildeşlerimiz ruhdan düşmän, ýeňişli tapgyra badalga berdiler. Gyrgyz ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen woleýbolçylarymyz Owganystanyň ýygyndysyndan hem 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Deslapky tapgyryň ahyrky duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen türkmen woleýbolçylary final duşuşygyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Serdar Täçnazarowyň şägirtleri finalda ýer eýeleri bolan Pakistanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:3 hasabynda asgyn geldiler.
Bürünç medaLA Şri-Lankanyň ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykan gyrgyz woleýbolçylary eýelediler.
«Türkmen sporty» gazeti