Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Milletler ligasynda Gyrgyzystanyň ýygyndy toparyny ýeňdiler

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň woleýbolçylary Yslamabatda geçirilýän Merkezi Aziýanyň Milletler ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy.

Birinji tapgyrda ýeti göreşde 2:3 hasabynda Eýranyň ýygyndy toparyndan asgyn geleninden soň (25:23, 25:21, 16:25, 23:25, 17:19), ildeşlerimiz Gyrgyzystanyň toparyny ynam bilen ýeňdiler – 3:0 (25:19, 25:22, 25:21).

Ýaryş Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasy (CAVA) tarapyndan geçirilýär. Oňa alty topar – Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Şri-Lankanyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary gatnaşýar.

Bäsleşik 17-nji maýda tamamlanar.

«Türkmen sporty» gazeti.