Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Galkan» halkara hokkeý ýaryşynda ikinji ýeňşini gazandy

Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda Türkmenistana wekiliçilik edýän «Galkan» kluby ikinji ýeňşini gazandy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli «Galkan» topary birinji oýnunda 8:1 hasabynda Bahreýniň adybir hokkeý klubuny ýeňlişe sezewar etdi. Ikinji oýunda bolsa «Galkan» Omanyň «Oman Khanjars» toparyndan 15:1 hasabynda üstün çykdy.

Iki oýunda hem uly hasap bilen ýeňiş gazanan «Galkan» topary 6 utuk bilen «A» toparçada liderlik edýär.

Türkmen topary indiki tapgyrda 17-nji aprelde Aşgabat wagty bilen sagat 10:00-da Eýranyň «Ice Box» kluby bilen duşuşar.