15-nji aprelde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berler. Ýaryşyň guramaçylykly geçmeginde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bolan meýletinçileriň 200-siniň mümkinçiliklerinden peýdalanylar.
Meýletinçileriň her biriniň jogap berýän ugurlary bolup, şolaryň bir bölegi akkreditasiýa kartlarynyň resmileşdirilişine, beýleki bir bölegi daşary ýurtly myhmanlara hem-de türgenlere ýardam etmäge, birnäçesi bolsa lukmançylyk toparlaryna goldaw bermäge gatnaşar.
Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriljek halkara ýaryşyň 20-nji aprele çenli dowam etjekdigini ýatladýarys.