Soňky habarlar

Küşt boýunça ýokary liganyň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň ýokary ligasynyň iki aýlawdaky duşuşyklary tamamlandy. Diýarymyzyň iň güýçli küştçüleri aýratynlykda bäsleşdiler. Erkekleriň arasynda Döwlet serhet gullugynyň düzüminde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän Allaýar Şirliýew mümkin bolan 14 utukdan 11,5 utuk toplap, ýeňiş gazandy. Paýtagtly Amanmuhammet Hommadow 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halynyýazow 3-nji orunlary eýelediler.

Gyzlaryň arasynda 12 utuk toplamagy başaran Merýem Agajanowa 1-nji orna mynasyp boldy. Dänew etrabyndan mekdep okuwçysy Lala Şöhradowa 11 utuk bilen 2-nji orny eýeledi, onuň dogany Leýla öňdäki üçlügi jemledi.

Ýurdumyzyň bu çempionaty Budapeştde (Wengriýa) geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşjak ýygyndy toparlarymyzyň düzümini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

«Türkmen sporty»