Soňky habarlar

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň milli ýygyndysy bilen boljak möhüm oýunlaryndan öň BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçileri wajyp oýnuň öňüsyrasynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de resmi oýna gatnaşmak üçin futbolçylaryň 24-sini düzüme goşdular.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň ýygyndy topary bilen duşuşyklaryň ikisini geçirer. Birinji duşuşyk 21-nji martda Tähranda, ikinjisi bolsa 26-njy martda Aşgabatda bolar.

Ýygyndy topar 24 futbolçyny özünde jemleýär:

Derwezebanlar:

Rasul Çaryýew («Arkadag»), Rüstem Ahallyýew («Ahal»), Batyr Babaýew («Altyn Asyr»).

Goragçylar:

Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow (üçüsi-de «Arkadag»), Ata Geldiýew, Hakmuhammet Bäşimow (ikisi-de «Ahal»), Wepa Jumaýew («Witebsk», Belarus Respublikasy), Röwşen Halmämmedow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de «Altyn Asyr»).

Ýarymgoragçylar: 

Arslanmyrat Amanow, Mirza Beknazarow, Şanazar Tirkişow (üçüsi-de «Arkadag»), Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyz Respublikasy), Selim Nurmyradow («Altyn Asyr»), Döwran Hojamämmedow, Ýazgylyç Gurbanow, Meýlis Diniýew (üçüsi-de «Ahal»), Ruslan Mingazow («Kitçi», Gonkong).

Hüjümçiler:

Didar Durdyýew, Begmyrat Baýow, Altymyrat Annadurdyýew (üçüsi-de «Arkadag»), Alibek Abdyrahmanow («Ahal»).

«Türkmen sporty».