Soňky habarlar

Gadymy oýnuň häzirki zaman nusgasy

Paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň giň zaly üstümidäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygaryna bagyşlanyp, 20 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda milli «takylatdy» oýny boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyzda giňden meşhur bolan bu aň-paýhas bäsleşigi Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň toparlaryna wekilçilik edýän, geljegine ynam bildirilýän iň gowy ýetginjek türgenleri jemledi.

«Takylatdy» oýnunyň häzirki zaman nusgasy oňa gatnaşýan türgenleri stollarda ýerleşdirilen «öýjük» diýlip atlandyrylýan köp sanly oýtajyklardan ybarat bolan özboluşly meýdançalaryň başyna jemledi. Bu meýdançalarda esasy atribut şol öýjükleriň birinden-beýlekisine oňaýlylyk bilen herektlendirilýän daşjagazlardyr. Ýöne geçen döwürlerde, şeýle-de häzirki wagtda hem obalarymyzyň köpüsinde «takylatdy» oýny ýerde çyzylan öýjüklerde oýnalýar we diýseň gyzykly we tomaşaly bolýar. Şol sebäpli bu oýnuň düzgünleri barada gysgaça gürrüň bermek artykmaçlyk etmese gerek.

Biri-biriniň garşysynda oturan iki garşydaş oýunçynyň hersi öz öňlerinde dokuz sany çukurjygy gazýar we hersi olara «hazyna» diýlip at berilýän dokuz sany daşjagazy ýerleşdirýär. Çukurjyklaryň arasynda «hazyna saklanýan jaý» diýlip atlandyrylýan çuňňullyk bolýar, ol ýere oýnuň dowamynda daşjagazlar ýerleşdirilýär. Kim şol «gymmatbaha daşlardan» köpüsini gazansa, şol ýeňiji diýlip yglan edilýär. Öňde aýdylyp geçilişi ýaly, oýnuň häzirki aman nusgasynda gerekli çukurjyklary bolan meýdançany stoluň üstünde ýerleşdirmek mümkindir. Munuň özüne laýyk peýdaly taraplary hem bardyr, sebäbi şu hili oňaýly ýagdaýda «takylatdyny» islendik ýaşdaky adamlar oýnap bilýär.

Şeýle-de häzirki zaman ýaryşlarynyň reglamenti bir başa-baş oýny oýnamak üçin her oýunça «arassa» 20 minutdan çäklendirilen wagty belleýär. Munuň özi oýny uzaga çekmekden saklaýar we tiz hem-de şol bir wagtda ynamly çözgüt kabul etmäge ýardam berýär, çünki oýunçynyň her bir goýberen ýalňyşlygy onuň garşydaşyna öz «hazyna saklaýan jaýyna» artykmaç daşy gazanmagyna mümkinçilik berýär.