Soňky habarlar

Samboçylarymyzyň üstünlikleri

37 sany türgenden, 5 sany tälimçiden we topar ýolbaşçysyndan ybarat milli ýygyndy toparymyz 7 ― 10-njy fewral aralygynda geçirilýän Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler.

Ýygyndy toparyň türgeni Agasapar Muhadow (88 kilogram) söweş sambosy boýunça 1-nji orna ― altyn medala mynasyp boldy.

Suwhan Öwezgeldiýew (98 kilogram) hem söweş sambosy boýunça 1-nji orny eýeläp, altyn medal gazandy.

Bezirgen Begenjow (98 kilogram)  söweş sambosy boýunça  2-nji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy.

Babamurat Baýramow (58 kilogram) sambo boýunça 3-nji orna düşüp, bürünç medala eýe boldy.

Niýazmyrat Babekow (64 kilogram) sambo boýunça 3-nji orna ― bürünç medala mynasyp boldy.

Bägül Nuryýewa (50 kilogram) sambo boýunça 3-nji orny eýeläp, bürünç medal gazandy.

Aziza Nazarowa (50 kilogram) sambo boýunça 2-nji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy.

Kuboga jemi 10 döwletden 280 türgen gatnaşýar.

 

Leýla KÜRENOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.