Ýakynda Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumyna gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda «Sagdyn bedenli ýaşlar ýurdumyzyň aýdyň geljegidir» diýen at bilen ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda dürli ýaşdaky türgenler suwda ýüzmegiň görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
50 mert aralyga erkin usulda ýüzmekde tälimçi Bezirgen Annaýewiň şägirdi Bezirgen Rejepow ýeňiji boldy. Arzuw Ahmedow (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) ikinji, Dawut Nurmuhammedow (tälimçisi Muhammet Annamuhammedow) üçünji orunlary eýelediler. Brass görnüşinde 50 metr aralygy Rüstem Merişew (tälimçisi Arslan Merişew) ilkinji bolup geçdi. Hezret Tejenow (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) ikinji, Nurgeldi Ataýew (tälimçisi Batyr Agabaýew) üçünji netije görkezdi. Bu aralykda baterflýaýda Keril Sewinýan (tälimçisi Muhammet Annadurdyýew) ýeňiş gazandy. Şazada Atageldiýew ikinji, Ahmet Tuwakgylyjow (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) üçünji orunlara mynasyp boldular.
Uzak aralyga arkanlygyna ýüzmekde tälimçi Mähri Nurmuhammedowanyň şägirtleri şowly çykyş etdiler. Olardan Rahym Ahmedow birinji, Begenç Atageldiýew ikinji, Guwanç Begniýazow üçünji netijäni görkezdiler. Şeýle hem tälimçi Muhammet Annagulyýewiň şägirdi Hanaly Söýünow ikinji orny paýlaşdy.
Şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi suw-sport toplumyna gatnaýan ýaş türgenleriň öňde duran iri ýaryşlara taýýarlykly gelmegine, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak ussat türgenler bolup ýetişmegine ýardam berýär.
«Türkmen sporty».