Soňky habarlar

Dünýä çempionatynyň medaly

Ildeşimiz Begenç Baltaýew Ýerewanda (Ermenistan) geçen dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy.

Çempionat dünýäniň 65 ýurdundan iň güýçli samboçylary jemledi. Türkmen türgeni 79 kilogram agram derejesinde göreş düşekçesine çykdy. Ildeşimiz taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdi we hormat münberiniň üçünji basgançagynda ornaşdy. Bu agramda bolgariýaly Iwan Harkow ýeňiji boldy. Ermenistandan Boris Şatwerýan ikinji orna eýe çykdy. Türkmen pälwany bilen birlikde bürünç medallaryň beýlekisini FIAS-yň baýdagynyň astynda çykyş eden Ýegor Suhoparow gazandy. Dünýä çempionatynyň medallaryny gazanan türgenlere Halkara Sambo federasiýasynyň – FIAS-yň gymmat bahaly nyşany gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň sambo boýunça dünýä çempionaty Astanada (Gazagystan) guralsa, 2025-nji ýylyň dünýä çempionaty paýtagtymyz Aşgabatda geçer. Munuň özi iň iri halkara guramalaryň ýokary bahasyna mynasyp bolan Watanymyzyň giň mümkinçilikleriniň dünýä derejesindäki ykrarnamasydyr.

«Türkmen sporty».