Soňky habarlar

Bölümçe mejlisi öz işini tamamlady

2023-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň mejlisler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparyny XXXIII Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna we beýleki iri halkara ýaryşlaryna ylmy esasda taýýarlamaga bagyşlanan XIV bölümçe mejlisi geçirildi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygyna bagyşlanan bu sergä we ylmy maslahata daşary ýurtly myhmanlarymyzyň hem-de dostlarymyzyň gatnaşmagy aýratyn many-mazmuna eýe bolan möhüm wakadyr.

Maslahatda nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde milli sportumyz hil taýdan täze derejelere çykdy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan sport ýurdy, sebit we halkara derejeli uly ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan öňdengörüjilikli strategiýasynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary üstünlikleriň sporty bilen bir hatarda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi täzeden badalga aldy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek hem-de hemmetaraplaýyn goldamak, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenler, olaryň tälimçileri, beýleki degişli hünärmenler üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. Şunda bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de özara peýdaly tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejelerinde onuň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär we goldanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň adamlary umumadamzat gymmatlyklarynyň daşyna jebisleşdirmäge, dünýäde parahatçylygy, halklaryň we ýurtlaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän sport diplomatiýasynyň üstünliginiň aýdyň subutnamasydyr diýip maslahatda çykyş edenler bellediler.

Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar ynsan saglygyna aýratyn üns berip, ýurdumyzda sport, bedenterbiýe we sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginde ähmiýetli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

 Gülälek GAJYÝEWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky

döwlet komitetiniň baş hünärmeni.