XVI asyryň birinji ýarymynda meşhur türkmen şahyry we döwlet işgäri Baýram hanyň (1501-1561) ylhamyndan dörän Nowruz hakyndaky şygyr bäş asyr bäri dilden-dile geçip ýör. Bagşylar, ozanlar, aýdyjylar, birnäçe asyry yzda galdyryp, häzirki günlerimize gaýdyp gelsek, hatda žurnalistler hem «Bu gün Nowruz, bu gün baýram, bu gün toý» diýip başlaýan Nowruz goşgusyndan ylham alýarlar. Nowruzyň ynsan kalbyna salýan heýjanyny, telwasyny beýan edýän bu şygryň setirleri köp wagtdan bäri serimde aýlanyp ýör. Milli futbolymyzyň her hepdede nobatma-nobat geçirilýän tapgyrlaryna tomaşa etmäge höwes bilen barýan janköýerleriň arasynda bolup, «Millionlaryň oýny» diýlip häsiýetlendirilen tomaşanyň şaýady bolýandygym üçin, olaryň ahwalyna düşünmek maňa kyn düşmeýär.
Ýaşyl meýdança, ala top, emin, her tarapda 11 sany «syçrap duran» diýilýän ýigit. Olaryň başlary jemlenensoň, gije-gündiziň (24 sagadyň) 16-dan bir böleginiň (90 minut ýa-da 1,5 sagat) dowamynda tomaşaçylara hepdeläp, aýlap, hatda ýyllar boýy hemra edinilip ýörüljek täsirler bagyş edilýär. Şol täsirleriň yşgyna düşübem, işi-güýji bir ýaňalyk edip, «Niredesiň stadion?!» diýip ýola düşýärsiň. Ol dünýäniň ýalňyz hakykatyna çalymdaşlygy bilen özüne çekýär. Çünki futbol hemmeler üçin deňlik. Oňa baýam, garybam, garram, juwanam, erkek hem, zenan hem hyrydar göz bilen bakyp, duýgularyny erkine goýberip bilýär.
1990-njy ýylda Nowruz baýramynyň bosagasynda, ýagny 20-nji martda şol wagt oba bolup janköýerlik edýän edýän toparymyzyň Madride gidip, korollar klubuny 1:3 hasabynda ýeňmegi Nowruz baýramyny futbol baýramy bilen sazlaşdyrypdy. Ýöne ýylyň islendik paslynda hem kimiň we haýsy ýaryşda oýnaýandygyna garamazdan, futbol oýnunyň geçirilýän gününiň janköýer üçin baýrama öwrülýändigini, her oýnuň olarda toýuň telwasyny döredýändigini aýtmak açyş etmek däl. Onsoň, Baýram hanyň meşhur goşgusyndaky Nowruz sözüni futbol sözi bilen çalşyp, goşgy okasaň, hiç kim geňem görmez. Çünki olaryň bagyşlaýan duýgusynda umumylyk bar.
Nowruzda öýkeler ýazylyp, sözi azaşanlaryň ýaraşýandygyny, adamlaryň öýme-öý aýlanyp baýram gutlaýandygyny, her bir adamyň keşbinde şatlyk alamatynyň peýda bolýandygyny we ýene-de kän-kän duýgulary ýatlasak, futbol janköýerleri olaryň hemmesiniň özlerine hem mahsusdygyna düşünerler. «Sport — parahatçylygyň ilçisi» diýleninde, ozaly bilen Olimpiadalaryň we futbolyň göz öňüne gelýändigi hem gizlin däl. Çünki futbol «Millionlaryň oýny» adyna 21-nji ýüz ýyllykda hem aňryýany bilen mynasyp bolýandygy bilen bellidir. Dünýä çempionatyny köplenç «Futbol baýramy» diýip atlandyrýandygymyz ýadyňyza düşen bolsa, Mundialyň oýunlaryna 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli hemmeleriň şaýat bolýandygyny hem ýatlatmak gerek bolmaz.
Uzaklara gidip oturman, soňky dünýä çempionatynda Saud Arabystanyň Argentinadan üstün çykan, Argentinada bolsa dünýä çempiony bolan günlerini «dynç güni» diýip yglan edilendigi futbolyň ozaldan dowam edip gelýän senenamalara we baýramlaryň sanawyna täzelik goşup bilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Alyslary ýakynlaşdyran Ýakyn Gündogarda guralan dünýä çempionatyny yzda galdyryp, Türkmenistan Watanymyza gadam goýsak, sentýabr aýynyň futbol wakalaryna baý bolandygyny görýäris. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň yzysüre FIFA-nyň günlerinde futbol boýunça milli ýygyndymyz dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäginde ýoldaşlyk oýunlaryny geçirdi. Ýaşlar ýygyndymyz Aziýa çempionatynyň saýlama oýnuna gatnaşdy. Milli çempionatyň öňdebaryjylarynyň bolsa AFK-nyň baýdagy astynda guralýan ýaryşlara girişendigi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasyndaky şatlykly pursatlaryň hataryny uzaltdy.
AFK-nyň Çempionlar ligasynda oýnaýan «Ahal» 19-njy sentýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda Saud Arabystanynyň kubogynyň eýesi «Al-Feýha» klubuny kabul etdi. «Altyn asyr» we «Merw» 1-nji tapgyryň oýunlaryny 21-nji sentýabrda geçirdi. «Merw» Hisor şäheriniň (Täjigistan) «Rawşan» topary bilen, «Altyn asyr» Bişkek şäheriniň (Gyrgyz Respublikasy) «Abdyş Ata» topary bilen duşuşdy. «Bu gün futbol, bu gün baýram, bu gün toý» diýip gaýtalap ýörmese-de, her bir janköýeriň kalbynda toý-baýramyň howalasynyň höküm sürýändigi üçin futboly sportuň naýbaşy görnüşi hasaplasyň gelýär. Emma sportuň beýleki görnüşleriniň janköýerlerini ynjytmazlyk üçin bu pikiri öz içimde saklap, futbol muşdaklaryna «Baýramyňyz bilen» diýýärin!
«Haýsy baýram?» diýip soralsa, futbolyň tutuş ýylyň dowamynda oýnalýandygyny (açyk meýdança, kenar ýakasy, ýapyk zal, garaz hemme ýerde) nazara alyp, oýnalmaýan wagty hem hiç bolmanda futbolyň gürrüňini edip, karar tapýan janköýerleriň bardygy üçin arkaýyn «futbol baýramy» diýip bilerin. Futbol janköýeri üçin 365 günüň (her ýyldan bir gezek 366 gün) baýramdygyny aýtmak, täzelik däl. Ýöne janköýer bolsaň, her günüňi baýrama öwrüp boljakdygyny ýatlatmagy welin parz hasaplaýaryn.
Sporty, şol sanda futboly söýüň! Şonda her günümiz baýrama öwrüler. Şonda Baýram hanyň meşhur şygry şeýleräk ýaňlansa gerek:
Her gün futbol, her gün baýram, her gün toý,
Gaýgy-gamsyz şatlyk eder her bir öý.
Hojaberdi APBAÝEW,
janköýer.