Soňky habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli gezelenç etdi

11.08.2023. Awaza. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de «Awaza» sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Awaza» sport toplumyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türgenleşik enjamlarynyň birnäçesinde dürli maşklary ýerine ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygyňy berkidýär, adamyň ortaça ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär, işjeňligini üpjün edýär. Şoňa görä-de, sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar bolýan ýurdumyzda sport muşdaklarynyň sany yzygiderli artýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» sport toplumynda dürli maşklary ýerine ýetirip, bu ýerden ugrady.

www.tdh.gov.tm