Soňky habarlar

Olimpiýaçylarymyzyň «Soňky jaň» dabaralary

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 25-nji maýynda ýurdumyzyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary guraldy. Şeýle ajaýyp dabaralar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky «Olimp» orta sport mekdebinde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde hem-de Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy hem-de hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy hakyky baýramçylyk ruhuny döretdi.

Aýdym-sazly çykyşlar, ajaýyp tanslar hemmelere ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Mekdepleriň ýaşlarynyň ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny emele getirýän bilim ojaklarynyň uçurymlaryna gül desselerini gowşurýan pursatlary has-da ýakymly boldy. Okuwçylaryň Watan waspyny, hormatly Prezidentimiziň saýasynda uly ösüşleri başdan geçirýän milli sportumyzy, mekdep durmuşyny özünde jemleýän goşgularydyr çeper okaýyşlary şowhunly dabaralaryň gyzykly pursatlarynyň üstüni ýetirdi.

Göreldeli okan okuwçylaryň, türgenleriň sylaglanylmagy-da täsirli pursatlaryň biridir. Dabaralaryň ahyrynda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli mekdeplerimiziň üstünliklerine mynasyp goşant goşjak uçurymlarymyza ak ýol arzuw edildi hem-de kämil bilim almaga, sport bilen hünär derejesinde meşgullanmaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

«Türkmen sporty» gazeti.