Soňky habarlar

 Türkmenistanyň futzal boýunça naýbaşy ligasynyň ikinji aýlawy başlandy

8-nji tapgyryň duşuşyklary bilen  Türkmenistanyň futzal boýunça  naýbaşy ligasynyň ikinji aýlawyna badalga berildi.

Ilki bilen  «Turanyň» we «Deňizçiniň» oýunçylary meýdança çykdylar. Duşuşyk 7: 1 hasabynda Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Tapgyryň ýene bir oýnunda «Köpetdag» 4:1 hasabynda «Migrasiýadan» üstün çykdy.  «Senagatbank»  bolsa «Milli goşuny» 4:0 hasabynda ýeňdi. Tapgyryň soňky oýnunda «Gümrükçi» TNGIZT toparynyň derwezesine jogapsyz 4 pökgi girizdi.

 8-nji tapgyrdan soňra 100 göterim netije görkezip,  24 utuk toplan  Türkmenistanyň wise-çempiony «Köpetdag» öňdeligi eýeleýär. Ýurdumyzyň häzirki çempiony «Deňizçi» ondan üç utuk yzda barýar. «Senagatbank» 16 utuk bilen 3-nji orny eýeläp, yzýanyndkay bäsdeşinden iki utuk  öňe saýlandy.

 

                                                                             www.turkmenistan.gov.tm