18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Şol gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň müňlerçesi ekildi.
Ählihalk bag ekişligine ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamynyň wekilleri-de diýseň işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we onuň garamagyndaky edara-guramalaryň wekilleri Watanymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegni gazanmak üçin ýaýbaňlandyrylan döwletli çäräniň ähmiýetini bag ekişligine ýokary derejedäki gatnaşyklary bilen wagyz etdiler. Olar bag nahallarynyň birnäçesini oturmak bilen bu ajaýyp hem sogaply işe şärik boldular.
Ählihalk bag ekişlik çäresinde sport hünärmenleri, tälimçilerdir türgenler, okuwlaryny sportuň görnüşleri boýunça türgenleşikler bilen utgaşdyrýan talyp ýaşlar hem uly işjeňlik görkezdiler.
Nesip bolsa, ýene sanlyja ýyldan boý alyp, gözel görke eýe boljak bu bag nahallary Watanymyzyň bagy-bossanlyga bürenip, tebigatymyzyň has-da gözelleşmegine ýardam eder.
«Türkmen sporty» gazeti.