Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji «A» synp okuwçysy Kemal Akmyradow ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça guralýan bäsleşigiň paýtagtymyzyň Köpetdag etraby boýunça tapgyrynda ajaýyp üstünlige eýe boldy. Kemal türkmen dili we edebiýaty dersi etrabyň mekdepleriniň 36-syndan gelen iň zehinli ýetginjekleriň arasynda üçünji orny eýeledi.
Zehinli ýetginjegi bu bäsleşige onuň synp ýolbaşçysy, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy Tawus Akmyradowa taýýarlady.
Bilim bäsleşigindäki ajaýyp netijesi ýaş türgenleriň türgenleşiklerini okuwlary bilen sazlaşykly alyp barmagy başarýandyklaryny görkezýär. Bu grek-rim göreşi bilen meşgullanýan ussat türgeniň ähli sapaklaryna işjeň gatnaşýandygynda hem-de özüni göreldeli alyp barýandygynda öz beýanyny tapýar.
«Türkmen sporty» gazeti.