Soňky habarlar

«Ahal» – çempion

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçirilip başlanan 30 ýylynyň içinde ençeme dartgynly wakalara şaýat bolundy. «Köpetdagyň» çempionlygy bilen başlanyp, soňra «Nisa» we «Nebitçi» klublarynyň altyn medala çynlakaý basdaşlaryň döremegi ilkinji ýyllaryň bezegi bolupdy.

Soňra «Nisa» bilen «Nebitçiniň» altyn medal ugrunda göreşi dowam etdirmegine «Dagdan» päsgel berip başlady. Ol «Köpetdagyň» garamagyndaky kluby («Farm team») hökmünde esaslandyran «Dagdanly» ýyllary «Nisanyň» öňdebaryjy hökmünde öňe çykmagy tamamlady. «Nisadan» soňra çempion bolmak gezegi «Nebitçä» geçdi. Ýöne şol aralykda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» özüniň taryhynda ýeke-täk çempionlygyny adyna ýazdyryp ýetişdi. «Nebitçi» 4 çempionlykdan soňra çempionlyk «guşagyny» «Ýedigene» (ilkinji ýyllarda HTTU ady bilen çykyş etdi) geçirdi. Az wagtlygam bolsa, täze döredilen «Aşgabat» kluby milli çempionatda altyn medala dalaşgärleriň hataryna goşulyp, çempionlyga mynasypdygyny subut etdi.

Soňra «sahna» paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary çykdy. Bassyr 8 gezek çempionlyk. Beýlekilere bu görkezijini täzelemek beýle-de dursun, hatda gaýtalamak hem aňsat düşmez.

Soňky birnäçe ýyldaky çempionatdakylardan tapawutlylykda, «Şagadam» 3-nji orun ugrundaky göreşden möhletinden öň el çekdi. 3-nji orna «Merw» bilen «Köpetdag» dalaş etdi. «Ahal» bolsa diňe bir altyn medal ugrunda göreşip oňmady. Öz taryhynda ilkinji gezek Ýokary ligada altyn medala mynasyp boldy. Mergen Orazowyň baş tälimçi hökmünde ozal futzalda «Köpetdag» bilen altyn medal gazanandygyny ýatlasaň, onuň bu görkezijisi hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

 «7/24.tm»