Soňky habarlar

12-nji dekabr - Halkara Bitaraplyk güni

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň häzirki taryhynyň möhüm seneleriniň biridir. 27 ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň 185-siniň goldamagy bilen  «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnama kabul edildi. Bu Kararnama tutuş dünýäniň syýasy durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri boldy.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Munuň özi häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan konstruktiw daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän döwletimiziň ýokary dünýä abraýyny tassyklady.

Bütindünýä jemgyýetçiliginiň durmuşynda ýene bir möhüm waka 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip resmi taýdan yglan edilmegidir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň  bu Kararnamasy 2017-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edildi.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen Olimpiýa hereketiniň wagyz edilmegine we ýaýradylmagyna mynasyp goşandyny goşýar. 

  Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki zaman dünýäsinde ynama we özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalanmagynda sport uly ähmiýete eýedir. 

Döwletimiz tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde türgenleriň halkara ýaryşlaryna  gatnaşmagy üçin ähli şertler döredilip, gazanylýan ýeňişler hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sport döwleti hökmündäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

www.sportcom.gov.tm