Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisiniň geçirilmegi ýurdumyzda ýaşululara sala salmagyň asylly däbe, ajaýyp hem döwletli ýörelgä öwrülendigini aýan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlis türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny görkezdi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda «Ýaşulularyň ýörelgesi — nesilleriň göreldesi» diýen at bilen geçirilen hoşallyk maslahaty hem şol ajaýyp waka bagyşlandy. Hoşallyk maslahatyna Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýerde edilen çykyşlarda ýaşuly nesliň göreldesiniň ýaşlar üçin ajaýyp ýol-ýörelgedigi ähmiýetli deliller bilen düşündirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisiniň munuň aýdyň beýanyna öwrülendigini uly buýsanç bilen bellenip geçildi.
«Türkmen sporty» gazeti.