Türkmenistanly pälwan Muhammet Kössekow 64 kilograma çenli agramda sambo boýunça dünýä çempiony boldy. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Azerbaýjanly samboýy Elwin Bagirow 2-nji orna mynasyp boldy. Maksim Manukýan (Ermenistan) bilen Sardor Olimjonow (Özbegistan) öz agramynda 3-nji orny eýeledi.
Sambo boýunça dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 13-nji noýabrynda tamamlanar. Ýaryşda 50-den gowrak döwlete wekilçilik edýän iň ökde samboçylar çykyş edýärler.