Soňky habarlar

Bedenterbiýe we sport — sagdynlygyň goşa ganaty

Ata Watanymyzda ilatyň beden we ruhy sagdynlygy baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylda Prezidentlige saýlanan pursatyndan çagalar baglaryndan başlap ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda bedenterbiýe işleri ýola goýuldy. Häzirki wagtda orta mekdeplerde okuwçylar, ýokary okuw mekdeplerinde talyplar bilen geçilýän bedenterbiýe sapaklary olaryň beýleki okuw derslerine iş jeň gatnaşmagyna oňyn täsir edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň 12-nji noýabrynda çykaran «Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryny guramagyň we geçirmegiň meseleleri hakyndaky Karary esasynda her ýylda guralýan spartakiadalar, uniwersiadalar başlangyç, umumybilim berýän orta, hünärment we ýokary okuw mekdepleriniň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurt möçberinde her ýyl umumymilli ýaryşlary geçirmek bilen birlikde köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde täze joşgun döretdi hem-de zähmet toparlarynda  we sport guramalarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň müňlerçesi tarapyndan uly goldaw tapýar. Bu şygar astynda yzygiderli guralýan sport ýaryşlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ilatymyzyň ähli gatlaklaryny bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta çekmekden, agzybir jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakdan, ösüp gelýän nesli sporty söýmek we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemekden, sportda ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Ynsanyň ruhy onuň beden saglygy bilen berk baglydyr. Hut şol sebäpli hem, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň umumy medeniýetiniň bir bölegi bolmak bilen, ol adam bedeniniň hemmetaraplaýyn dogry ösmegine ýardam edýän we ony has-da berkidýän täsirli ylym bolup jemgyýetimiziň durmuşynda zerur orny eýeleýär. Umuman, bedenterbiýe – munuň özi saglygyň gözbaşy. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi giň gerime we uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe bolýar. Bu kabul edilýän milli maksatnamalarda hem öz beýanyny tapýar.

Mundan başga-da, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, ýurdumyzyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakda, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmakda diýseň uly ähmiýete eýe bolup, olaryň saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda «Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek,

sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar» diýip nygtady. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramak barada anyk meseleleri öňde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Şol meseleleri amala aşyrmak üçin iň bir möhüm serişdeleriň biri hem bedenterbiýe we sportdyr. Şol taryhy gurultaýda kabul edilen «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipelerden ugur alsak hem ýaşlar sportuny we bedenterbiýesini goldamak sport ulgamynyň öňündäki esasy maksat bolup durýar.

Saglygyň baş talaby bolan sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin bolsa eziz Diýarymyzda, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ähli şertler döredilen. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir.

Gurtgeldi GARÝAGDYÝEW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin çäreleri bölüminiň başlygy.