Soňky habarlar

Sport diýip saglyga düşünýäris

16.09.2022. Sport saglygy berkitmegiň, immuniteti ýokarlandyrmagyň iň ygtybarly çeşmesidir, şeýle-de ol şähdiaçyklygyň hem çeşmesi bolup hyzmat edýär. Sport bilen meşgullanmagyň gany kislorod bilen baýlaşdyrmaga, çydamlylygyň ösmegine we nerw dartgynlylygyny peseltmäge goşant goşýandygy subut edildi. Arassa howada we sport zalynda türgenleşilende dürli myşsalar hereket edýär. Bu ýagdaý kislorodyň organizmde herekete gelmegi bilen baglanyşykly. Ol bolsa diňe bir myşsa dokumasynyň sazlaşykly ösmegini üpjün etmän, eýsem artykmaç agramy aýyrmaga hem kömek edýär.

Sport bilen meşgullanmak üçin ýeterlik wagt tapmaýan bolsaňyz, hemişe pyýada ýöremegi endigiňize öwrüp bilersiňiz. Bir söz bilen aýdylanda, dinamiki fiziki maşklaryň islendik toplumy, hatda başlangyç gündelik maşklar hem immuniteti we saglygy berkitmekde ygtybarly kömekçi bolar.

www.msy.gov.tm