Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanyň dzýudo milli merkeziniň türgeni hormat münberine çykdy

Şu günler Konýa şäherinde dowam edýän V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda erkekleriň arasynda geçirilen dzýudo ýaryşynda Türkmenistanyň dzýudo milli merkeziniň türgeni hormat münberine çykdy.

66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Hekim Agamämmedow owganystanly, täjigistanly, bahreýnli, türkiýeli türgenler, şeýle-de ildeşimiz Serdar Rahimow bilen güýç synanyşyp, bürünç medala eýelik etdi.

Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam raýdaşlygy oýunlary 2022-nji ýylyň 18-nji awgustynda tamamlanar.

 

www.msy.gov.tm