Bu günki gün türkmenistanly janköýerleri meşhur türgenler bilen geň galdyryp bolanok. Eger-de ozallar Türkmenistana azda-kände tanalýan oýunçynyň gelmegini uly dabara bilen teswirlän bolsak, bu günki gün meşhur türgenlerdir tälimçiler ata Watanymyza yzygiderli gelip-gidip durlar. Bu babatdaky gürrüňi diňläp, sport synçysy Nejep Baýat «Emma futboluň orny başgadyr» diýip, men bilen ylalaşmaýandygyny mälim edýär.
Žurnalist Goçnazar Heşdekowyň şahyr Çary Ýegenmyradowy häsiýetlendirýän jümlesi bilen aýtsak, futboly poeziýadan gowy görýän Mäti inimiz (Mätgurban Mätgurbanow) çalaja ýylgyrýar. Ol 2008-nji ýyldaky elden giderilen mümkinçiligiň öwezini dolmaga taýýarlanýar. Şol ýylyň 14-nji iýunynda dünýä çempionatynyň saýlama oýnunda düzüminde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda çykyş edýän oýunçylary bolan Koreýä Respublikasynyň ýygyndysy Aşgabatda türkmenistanly bäsdeşleri bilen bäsleşipdi.
Indi Mäti ýaly diňe futboluň howasyndan dem alýan janköýerler 2019-njy ýylyň 10-njy sentýabryna garaşýarlar. Şol gün ýene-de günorta koreýalylar türkmen topragyna gadam basarlar. «Olar bilen bilelikde, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalçysy, «Tottenhemiň» koreýaly ezber oýunçysy Son Hyn Min hem gelermi?» – diýen sowalyň jogabyna garaşylýar.
2005-2012-nji ýyllarda «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde üstünlikli çykyş eden Pak Çi Son 11 ýyl mundan ozalky türkmen-koreý duşuşygynda (06.02.2008: Koreýa-Türkmenistan) koreýlere ýeňiş getiren gollaryň birini tora salan bolsa, häzirki wagtda Son Hyn Min janköýerleriň üns merkezinde durýar. Şu ýerde futbol bilen gyzyklanmaýanlara az-kem düşünje bermek üçin gürrüňiň dünýä çempionatynyň saýlama oýnundaky duşuşyk hakynda gidýändigini ýatladýarys.
Ýaponiýanyň ýa-da Hytaýyň ýygyndysy bilen bir topara düşenem bolsak, Ýewropanyň futbol klublarynda ady dile düşen oýunçylaryň çykyşynya synlamaga mümkinçilik alardyk. Golaýda Ispaniýanyň «Barselonasy» ýapon kluby «Kaşima Antlersiň» hüjümçisi Hiroki Abeni öz hataryna goşdy. Olar 20 ýaşly oýunçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdylar. Onuň Ispaniýanyň düzümindäki ilkinji ýaponiýaly futbolçy däldigini aýtmak gerek. 2009-njy ýylda 8 ýaşly Takefusa Kubo «Barselona» bilen şertnama baglaşan ilkinji ýaponiýaly futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Oýnaýyş usuly boýunça häsiýetlendirilip «ýaponiýaly Messi» diýip at berlen Takefusa Kubo eýýäm milli ýygyndynyň hatarynda hem çykyş edip başlady. Emma gürrüň bu maglumat bilen gutarmaýar.
Asly Kawasaki şäherinden bolan ýaş futbolçy şu ýyldan başlap «Kastilýanyň» hatarynda meýdança çykyp ugrar. Sebäbi ol «Barselonanyň» ezeli basdaşy «Real» bilen şertnama baglaşdy. Ol bu ýerde her ýylda 1,2 million ýewro gazanar. Göräýmäge şunuň bilen ukyply oglanjygyň baş arzuwynyň hasyl bolandygy aýdylyp, onuň ertekä meňzeş durmuşynyň dowam edýändigi sözleme nokat goýduraýjak ýalydyr. Emma beýle däl: madridliler Takefusanyň 12 ýaşly inisi Eýdi Kubony hem öz hatarlaryna goşdular. Diýmek, diňe belgiýaly Azarlar däl, eýsem ýaponiýaly Kubolar hem Ýewropanyň ýaşyl meýdançalarynda başarnyklaryny görkezerler.
Indi hytaýyň futbol bazaryndan söhbet açýan habara ünsüňizi çekmek isleýäris. Berilýän maglumatlara görä, «Real» bilen «Barselonanyň» arasyndaky oýna 10 million adam tomaşa eden bolsa, «Espanýol» bilen «Willýarealyň «arasyndaky oýunda bu san 4 esse köp bolupdyr. «Espanýolyň» täze oýunçysynyň tanyşdyryş dabarasyna internet arkaly 350 million adam tomaşa edipdir. Bu ýagdaý Hytaýyň super ligasynyň iň köp tapawutlanýan oýunçy Wu Leýiň «Espanýolda» çykyş edip başlanlygy bilen baglydyr.
Ol Halk we Oskar bilen bilelikde «Şanhaý SIPT» klubynyň düzüminde meýdança çykyp, 29 oýunda 27 sapar tapawutlanypdyr. Ýene-de 10 goluň tora salynmagyna gönüden-göni gatnaşypdyr. Şunuň ýaly ezber oýunça bary-ýogy 2 million ýewro baha kesilipdir. Bardy-geldi Ispaniýanyň La-Ligasynda edeni ugruna bolup gitse-hä, oňa ýetesi zadam ýok. La-Ligada ýerlemedik halatynda hem 27 ýaşly hüjümçini 2 million ýewro islendik hytaý klubynyň oýlanyşman satyn aljakdygyna şübhe ýok. Onuň owadan oýunlaryna tomaşa etmek bolsa Gyrgyz Respublikasy bilen Täjigistanyň janköýerleriniň paýyna düşdi.
Ýene bir aziýaly ezber oýunçy Serdar Azmun Ýewropanyň öňdebaryjy futbol klublarynyň ýolbaşçyarynyň üns merkezinde durýar. Soňky ýaýradylan habarda Sankt-Peterburgyň «Zenidiniň» eýranly oýunçysy Serdar Azmun bilen italýan klublarynyň içgin gyzyklanýandygy aýdylýardy.
Öz gezeginde Serdar Azmun birnäçe ýyl mundan ozal Eýranyň ýygyndysynyň düzüminde Türkmenistana gelipdi. Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşygynyň çägindäki şol oýun Daşoguz şäherinde geçirilip, duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlanypdy. Ýadyňyzda bolsa, janköýerler Serdar Azmuny görmek üçin ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna köpçülikleýin barypdylar. Munuň özi Aziýa yklymynyň milli ýygyndylarynyň her birinde tutuş ýygynda bolan ünsi ýokarlandyryp bilýän oýunçylaryň bardygyny görkezýär.
Aziýanyň futbol bazarynyň soňky birnäçe ýylda Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň üns merkezindedigi hemmelere mälim hakykat. Esasanam, hytaýly maýadarlar Ýewropanyň futbol emeldarlary bilen barha we barha işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şonuň üçin ýakyn ýyllarda aziýaly futbolçylaryň öňdebaryjy futbol toparlarynda barha köpeljekdigine ynanmak bolar.
Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.
(çeşme: «Nesil» gazeti, 27.07.2019)