Soňky habarlar

Arassa sporty gazanmagyň ýolunda

Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş barada Milli agentligi ýurdumyzda sport ulgamynda doping ulanylmagynyň öňüni almak boýunça degişli işleri Türkmenistanyň «Sportda dopinge garşy göreş hakynda» Kanunyna, Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň (WADA) Kodeksine we Halkara Bilim Standartyna (ISE) laýyklykda alyp barýar. Hususan-da, türgenleriň, tälimçileriň we beýleki professional sport bilen meşgullanýanlaryň arasynda doping serişdeleriniň saglyga ýetirýän zyýany, türgenleriň hukulary we borçlary, Bütindünýä dopinge garşy agentligi (WADA) tarapyndan gadagan edilen serişdeleriň we usullaryň sanawy, anti-doping gözegçiliginiň kadalary, doping nusgalarynyň alnyş düzgünleri barada wagyz-nesihat maksatly işleri amala aşyrýar.

Söweş sungaty milli federasiýasynyň guramagynda Gökje sport toplumynda 15—17-nji iýul aralygynda geçirilen sambo boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň çäginde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Milli Olimpiýa komitetiniň ýardam bermeginde Outreach WADA-nyň Quiz sowalnama interaktiw oýny guraldy we geçirildi.

Türgenleriň 9-10 sowala dogry jogap bermegi başaranlaryna Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň (WADA), Aziýa boýunça sebitleýin dopinge garşy guramasynyň (RADOCA) we Aziýanyň dopinge garşy fondynyň (AADF) adyndan futbol köýnekçeleri gowşuryldy.