Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde bu gün sport we ýaşlar syýasaty ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň 14 – 15-nji iýulda Özbegistana bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlaryň işleri boýunça agentliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň hem bolmagy degişli ugurda ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Aslynda Watanymyzda şu ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berilýändigini aýratyn bellemelidiris. Diýarymyzda ýaşlar hakyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygy hut şunuň esasynda hem aýdyň şöhlelenýär. Elbetde, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlaryň işleri boýunça agentliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi hem bu ugruň halkara giňişligindäki möhüm ähmiýetinden habar berýär. Goý, milli sportumyzy täze derejä çykarmakda hem-de ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde beýik işleri amal edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
«Türkmen sporty» gazeti.