Soňky habarlar

Diplomatlaryň küşt ýaryşy

15-16-njy iýulda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýurdumyzda ýerleşýän ilçihanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda küşt ýaryşy geçirildi. Küşt ýaryşyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Hindistanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen bilelikde gurady.

Gyzykly çäräniň 28-nji iýul — 10-njy awgust aralygynda Hindistanyň Çennaý şäherinde geçiriljek 44-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynyň hem-de FIDE-niň Kongresiniň bosagasynda geçirilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Bu barada ýaryşyň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda hem bellenildi. Ilki bilen Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi doktor Widhu Pithambaran Nairiň gutlag sözi diňlenildi. Soňra Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň wekilleriniň çykyşlaryna orun berildi. Wideoaragatnaşyk arkaly edilen çykyşlar hem açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň üns merkezinde jemlendi.

Küşt boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň 44-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda geýjek resmi eşikleriniň görkezilşinden soň ýaryşlara badalga berildi. Oňa diplomatlardan hem-de halkara guramalaryň wekillerinden başga-da hemaýatkärleriň agzalary gatnaşdylar. Ýaryşyň absolýut ýeňijisi, zenanlaryň ýaryşynyň çempiony, gyzjagazlaryň hem-de oglanjyklaryň bäsleşiginde tapawutlananlar we toparlaýyn ýeňijiler ýapylyş dabarasynda sylaglanyldy.