Türkmen türgenleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň iýulyny uly üstünlikler bilen başladylar. 22 döwletden 1500-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde guralan kikboksing boýunça halkara ýaryşy hem bu hakykatyň görkezijisine öwrüldi. Çekeleşikli ýaryşda türkmen kikboksçylary ajaýyp netijeleri görkezdiler. 75 kilogram agram derejesindäki K1 ýaryşyna çykan Goçmyrat Jumanyýazow geçiren duşuşyklarynyň üçüsini hem ýeňiş bilen tamamlady. Şeýlelikde, zehinli türkmen kikboksçysy halkara ýaryşynyň çempiony boldy.
Kikboksingiň full kontakt görnüşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgeni Akmyrat Akyýew 75 kg agram derejesinde çykyş edip, birinji hem-de ikinji tutluşyklarynda özbegistanly türgenleri ýeňdi. Jemleýji duşuşykda gyrgyz türgeninden asgyn gelen ildeşimiz kümüş medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gülzada Jorakuliýewa hem şol görnüşden ringe çykdy. 65 kg agram derejesinde çykyş eden Gülzada eýranly we özbegistanly türgenleri ýeňlişe sezewar etdi. Jemleýji tutluşygyny özbegistanly türgen bilen geçiren ildeşimiz ýaryşyň kümüş medalyna eýe çykdy. Şol institutyň ýene bir talyby Ýazberdi Paýanow 60 kg-de üstünlik gazandy. Ol hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Hajymyrat Geldimämmedow hem full kontakt görnüşinden başarnygyny synady. Ol 86 kg agram derejesinde bürünç medal gazandy
Low kik kontakt görnüşi boýunça gazanylan medallar hem buýsanç bilen bellärliklidir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Atajan Atamyradowyň 54 kg agram derejesindäki çykyşy bürünç medal bilen bellenildi. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgeni Serdar Mämmedow onuň üstünligini 86 kg-de gaýtalady. +91 kg agram derejesinde ringe çykan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgeni Döwlet Ýoldaşew hem ýaryşyň bürünç medalyny boýnuna deňemegiň hötdesinden geldi.
Şol ýaryşda türkmen türgenleriniň görkezen uly netijesi dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan kikboksing sporty boýunça milli mekdebimiziň sazlaşykly ösdürilýändiginiň nyşany boldy.
«Türkmen sporty» gazeti.