Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde we onuň garamagyndaky edaralarda zähmet çekýän zenanlarynyň arasynda türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetler, şeýle hem düzgün-tertip, edep-ekram we ahlaklylyk baradaky giňişleýin söhbeti özünde jemleýän «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler jaýynda guralan duşuşykda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň başlygy hem-de Aşgabat şäher zenanlar guramasynyň jogapkär işgäri Gözel Orazowa, paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň prokurorynyň kömekçisi Isamyrat Ataýew, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Kazyýetiniň maslahatçysy Parahat Çaryýew, Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 4-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogulbibi Hojatowa dagy çykyş etdi. Duşuşykda edilen çykyşlarda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam hukuklary we hukuk bozulmalar barada bellenilip, ýaşlaryň hukuk bozulmalardan daşda durmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýerip, edeplilikde göreldeli, terbiýeli ýaşlar bolmalydyklary hakynda aýdyldy.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar özleri üçin döredilip berilýän mümkinçiliker üçin hormatly Prezidentimize jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.
Mähri Açylowa
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi