Türkmen ýygyndysy Juniýa şäherinde (Liwan Respublikasy) geçirilen sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynda diýseň ajaýyp netijeleri gazandylar. Ildeşlerimiz ýaryşyň 22 medalyna (3 altyn, 5 kümüş, 14 bürünç) eýe boldular.
Ýaryşyň ilkinji gününde ýetginjekleriň sambo ýaryşynda 98 kg-de çykyş eden Aşgabat şäheriniň 99-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Rustam Annamuhammedow Aziýanyň çempiony boldy. Söweş sambosyndan zenanlaryň arasynda Weronika Rus (54 kg-de) we Sabina Agajanowa (+80 kg) kümüş medallara mynasyp boldular. Şol görnüşden Angelina Filippowa (59 kg) hem-de ýetginjekleri ýaryşynda göreşen Seýdulla Akmämmedow (64 kg) bürünç medallara eýe çykdylar.
Çempionatyň ikinji gününiň medallarynyň ählisi söweş sambosyna degişlidir. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň işgäri Babajan Iwadullaýew +98 kg agram derejesinde Aziýanyň çempiony boldy. Meýlis Niýazmeňliýew (64 kg), Muhammetnyýaz Gurbandurdyýew (71 kg), Rüstem Penjiýew (79 kg), Çarymyrat Annagurbanow (98 kg) öz agramlarynda bürünç medal gazandylar.
Ýaryşyň jemleýji gününiň medallarynyň bolsa ählisi sambo boýunça gazanyldy. 98 kilogram agram derejesinde çykyş eden Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Döwletli etrabynyň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Guwanç Begaliýew yklymyň çempiony boldy. Begenç Baltaýew (79 kg), Dinara Iwadullaýewa (50 kg) hem-de Rano Uzakowa (72 kg) öz çykyşlaryny Aziýanyň çempionatynyň kümüş medallary bilen jemlediler. 58 kg-de Muhammetmyrat Bäbekow, 64 kg-de Muhammet Kössekow, 71 kg-de Kakageldi Ýegenbaýew, 88 kg-de Nedir Allaberdiýew, zenanlardan bolsa 59 kg-de Madina Aýdogdyýewa, 65 kg-de Dinara Hallyýewa, 80 kg-de Faride Mämmedowa, 80 kg-den ýokary agramda bolsa Maksuda Egemberdiýewa Aziýa çempionatynyň bürünç medallaryna eýe boldular.
«Türkmen sporty» gazeti.