25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralan ajaýyp çäreler «Soňky jaň» dabarasynyň şowhuny bilen utgaşdy. Şol gün Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş hem-de «Olimp» orta sport mekdeplerinde, Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda hem «Soňky jaň» dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen badalga alan dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy baýramçylyk ruhuny goşalandyrdy.
Sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, şowhunly aýdym-sazlar, ajaýyp tanslar, gutlag sözleri hemmelere şatlyk paýlady. Milli lybasdaky oglan-gyzlaryň ýerine ýetiren tanslary ajaýyp mukamlar bilen utgaşyp, dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny emele getirýän bilim ojaklarynyň uçurymlarynyň mekdepleriň kiçi ýaşly okuwçylaryna bilimde kämillik ýoluna uzaýan menzilleriň bosagasynda «altyn açary» gowşurýan pursatlary has-da täsirli boldy. Okuwçylaryň Watan waspyny, hormatly Prezidentimiziň saýasynda uly ösüşleri başdan geçirýän milli sportumyzy, mekdep durmuşyny taryplaýan goşgularydyr çeper okaýyşlary şowhunly dabaralaryň gyzygyny artdyrdy.
Göreldeli okan okuwçylara, iri ýaryşlarda milli sportumyzyň abraýyny goramagy başaran ýaşlara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde mekdebi tamamlaýan okuwçylar üçin iň soňky jaň sesi ýaňlandy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça milli mekdeplerimiziň üstünliklerine mynasyp goşantlaryny goşjak uçurymlara ak ýol, täze üstünlikler arzuw edildi. Kämil bilim almaga, sport bilen professional derejede meşgullanmaga döredilen ajaýyp şert-mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyş sözleri mekdep uçurymlarynyň dilleriniň senasyna öwrüldi.
Rüstem BAÝRAMGULYÝEW,
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň hokkeý boýunça tälimçi-mugallymy.