Aşgabadyň atçylyk sporty toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryş geçirildi.
Ir säherden tomaşaçylar münberi doldurdylar. Sebäbi konkur atçylyk sportynyň gyzykly görnüşi. Aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpüsi ýakyn aralykdan ahalteke bedewleriniň güýjüne, owadanlygyna we nepisligine ýakyndan syn etmek üçin ýaryşlara tomaşa etmäge ýygnandylar.
Ýaryşdan öňünçä çapyksuwarlar kiçi türgenelşik arenasynda konkur türgenleşiklerini geçirýärler, beýiklige böküşleri kämilleşdirýärler. Çapyksuwarlar we bedewler çynlakaý bäsleşige girişýärler, şol sebäpdenem niýetlän netijäňi gazanmak üçin bar ünsüňi ýeňişe jemlemeli.
Ýaryşyň esasy ugry bilen tanşan türgenler päsgelçilikleriň 12-sinden geçip ugradylar, munuň üçin azyndan 15 böküş etmeli. Şu ýaryşa gatnaşanlaryň arasynda tanymal hem-de ýaş çapyksuwarlar-da bardy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaraynda baýrakly orny eýelän Nikolaý Beglarýan Toýçy atly bedewde gowy çykyş edýär.
Nikolaý Beglarýan bellenilen aralygy säwliksiz geçip, birinji orny eýeledi. Ikinji ýere Akgala atly bedewde çykyş eden Seýitymam Seýidow mynasyp boldy.
Atbasar atly bedewde çykyş eden Hanjarmyrat Gyşykow bilen Galkynyş atly bedewde çykyş eden Annadurdy Ballyýew üçünji ýer ugrunda bäsleşdiler. Beýilkigi 1 metr 30 santimetr päsgelçilikli jemleýji gitde Annadurdy Ballyýew ýeňiş gazandy.
Konkur boýunça ýaryşyň ýeňijileri Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabarada sylaglanarlar.
www.turkmenistan.gov.tm