Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri
7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Sagdynlyk – ruhubelentligiň gözbaşydyr!» atly köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler. Bu ýöriş ir sagat 08:00-da başlanyp, dabaraly ýagdaýda alnyp barylar.
***
Şeýle-de, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş amala aşyrylar. Ýöriş Saglyk ýolunyň düşülýän ýerinde «Saglygym – baş baýlygym» atly şygar astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri bilen utgaşykly dowam etdiriler.
***
Ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaş türgenleriň gatnaşmagynda sportuň görnüşleri boýunça sport ýaryşlarynyň we görkezme çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär. Sport ýaryşlary we görkezme çykyşlar Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap sport toplumlarynda, mekdeplerinde, desgalarynda alnyp barlar.
***
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň görnüşleri boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary, bäsleşikler hem-de görkezme çykyşlary geçiriler. Çäre ýokary okuw mekdepleriniň sport maksatly desgalarynda we meýdançalarynda gurnalyp, ol talyp ýaşlaryň sporta we okuwa bolan höwesleriniň artmagyna ýardam berer.
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.